Turkmenportal logo
14.07.2026
1653916539
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Gülüň, owadan!» atly bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi

Mary şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde geçirilen bäsleşik Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty bilelikde gurady.

«Gülüň, owadan!» bäsleşigine 2026-njy ýylda etrapdyr şäher tapgyrlarynda öňe saýlanan zehinli keçeçileriň uly topary gatnaşdy. Elleri hünärli zenanlar asyrlardan aşyp gelýän keçe basmak senedindäki ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň çäginde guralan sergi hem oňa özboluşly öwüşgin çaýdy. Sergide zenan dünýäsine mahsus el işlerine, owadan nagyşly keçelere, haly we haly önümlerine, şeýle-de gözelligiň nusgasy bolan milli şaý-seplere giňden orun berildi.

Eminleriň gelen netijelerine görä, ussat keçeçiler öňe saýlandylar. Netijede, 1-nji orna Türkmengala etrabynyň ýaşaýjylary Şemşat Saparowa bilen Maral Ýusupdurdyýewa, 2-nji orna Ýolöten etrabynyň ýaşaýjylary Aýna Gurbanowa bilen Ýazjahan Allaberdiýewa, 3-nji orna bolsa Baýramaly etrabynyň ýaşaýjylary Laçyn Gullanowa we Bahar Bulyjowa mynasyp boldular. Baýrakly orunlary eýelän zenanlara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.


«Gülüň, owadan!» atly bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi | Turkmenportal.com