Turkmenportal logo
Şu gün 11:55
75787578
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şu tomus Aşgabatda garpyzyň bahasynyň näçedigi mälim boldy

Iýul aýy Türkmenistanda bakja önümleriniň doly bişip ýetişýän döwrüdir. Häzirki wagtda Aşgabadyň bazarlary, supermarketleri we onlaýn söwda meýdançalary garpyzdyr gawunlardan doly, olaryň bahalary bolsa örän elýeterli bolmagynda galýar: garpyzyň bir kilogramy 1,50 – 2 manat, gawunyň bir kilogramy bolsa 2 – 3 manat aralygyndadyr.

Käbir arzanlaşyk günlerinde şäheriň aýry-aýry marketlerinde garpyzyň bahasy has-da aşak düşüp, bir kilogramy üçin 60-70 teňňä, ýagny bir manatdan hem az möçbere ýetýär. Şeýle aksiýalar köp mukdarda bakja önümlerini satyn alyp goýmak üçin amatly pursatdyr, üstesine-de, möwsüm indi başlanýar.

Häzirki wagtda garpyzlaryň arasynda satyjylaryň özara «astrahan» diýip atlandyrýan görnüşi aýratyn meşhurlykdan peýdalanýar: ol çitgeleriniň kiçi hem-de örän az bolýandygy sebäpli örän gowy görülýär we iýmek üçin has oňaýly hasaplanýar.

Türkmenistanda gawun bolsa bütinleý aýratyn bir taryhdyr, ol tas milli nyşana öwrülendir. Ýurt dünýä bakjaçylygynda hasaba alnan 1600-den gowrak gawun görnüşiniň 400-e golaýynyň watany hasaplanýar. Ýerli bazarlarda iň köp duş gelýän görnüş — käwagt «şeker gawuny» hem diýlip atlandyrylýan iň süji we iň söýülýän «waharman» gawunydyr. Şeýle-de «akmaral», «gülaby» we giç bişýän «garrygyz» ýaly görnüşleri hem giňden ýaýrandyr. «Garrygyz» gawuny tä dekabr aýyna çenli saklanyp bilinýär we täze ýyl saçagynyň hem bezegine öwrülýär. Gawun türkmen tomsunyň nyşanydyr: bakja ekinleriniň şasyna degişli käbir maglumatlar.

Türkmen gawunlaryna diňe bir ajaýyp tagamy we ýakymly ysy däl, eýsem, asyrlarboýy dowam eden seçgiçilik işleri hem şöhrat getirdi. Taryhy çeşmelere görä, bu süýji ekin kerwenler tarapyndan Beýik Ýüpek ýoly boýunça daşalan iň gymmatly ýükleriň biri bolupdyr. XIV asyrda bu sebitlere syýahat eden meşhur taryhçy Ibn Battuta ýerli gawunlary ne Gündogarda, ne-de Günbatarda deňi-taýy bolmadyk önüm diýip atlandyrypdyr.

Häzirki wagtda Aşgabatda garpyzlary we gawunlary hemme ýerden — bazarlardan, supermarketlerden we onlaýn platformalardan satyn alyp bolýar, aýry-aýry arzanlaşyk günlerinde bolsa garpyzyň bir kilogramyny hatda bir manatdan hem arzan bahadan tapmak mümkindir.