Turkmenportal logo
Şu gün 08:19
58105810
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin möhüm ähmiýete eýe bolar – ilçi

Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasynda göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar. Bu barada Ermenistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan Turkmenportal internet neşirine beren interwýusynda aýtdy.

«Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasynda göni howa gatnawynyň ýola goýulmagy, gürrüňsiz, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin möhüm ähmiýete eýe bolar. Üstesine-de, ýurtlarymyzyň ozal göni howa gatnawlaryny amala aşyrmak boýunça tejribesi bar. Howa gatnawlary ulgamynda hereket edýän hukuk-şertnama binýady bolsa bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin zerur şertleri döredýär» — diýip, ilçi belledi.

Diplomatyň sözlerine görä, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşmegi, bilim, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, şeýle hem işewürlik we syýahatçylyk saparlaryna bolan gyzyklanmanyň artmagy bilen, göni howa gatnawlarynyň gaýtadan ýola goýulmagy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşine goşmaça itergi berip biler.

Arsen Awagýan yzygiderli howa gatnawlarynyň ykdysady taýdan maksadalaýyk bolmagynyň ýolagçy akymyny we howa gatnawlaryny amala aşyrýan kompaniýalaryň täjirçilik hasaplamalaryny öz içine alýan birnäçe ýagdaýlara baglydygyny hem nygtady.

«Şol bir wagtyň özünde, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňelmegi bilen göni howa gatnawlaryny dikeltmek üçin oňyn şertleriň barha pugtalanyp gitjekdigine ynanýarys» — diýip, ilçi aýtdy.

Interwýunyň doly görnüşi bilen şu salgylanmanyň üsti bilen tanşyp bilersiňiz.