Turkmenportal logo
Şu gün 02:03
50745074
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Argentina futbol boýunça DÇ-2026-nyň 1/8 finalynda Müsüriň ýygyndysyndan üstün çykdy

Argentinanyň milli ýygyndysy ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 final duşuşygynda Müsüriň milli ýygyndysyny 3:2 hasabynda ýeňdi.

Duşuşyk Atlanta şäherinde geçirildi. Günorta Amerikanyň ýygyndysynyň düzüminde gollary Kristian Romero (79-njy minutda), 21-nji minutda bellenen penaltini dürs ýerine ýetirip bilmedik Lionel Messi (83-nji minutda) hem-de Enso Fernandes (90+2-nji minutda) geçirdi. Müsüriň düzüminde bolsa Ýasser Ibragim (15-nji minutda) we Mustafa Ziko (67-nji minutda) tapawutlandy.

Messi dünýä çempionatlarynyň pleý-off tapgyrynda yzygider alty duşuşykda gol geçiren taryhda ilkinji futbolçy boldy. Häzirki çempionatda 39 ýaşly «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi sekiz gol bilen bombardirleriň sanawynda öňdeligi eýeleýär. Şeýle hem, sekiz gezek «Altyn top» baýragynyň eýesi Messi öz toparynyň oýunçysy Romero golly pas berip, dünýä çempionatlarynyň taryhynda dokuz netijeli pas bilen iň köp gola ýardam eden futbolçy boldy.

Şol bir wagtyň özünde, Messi dünýä çempionatlarynda (oýundan soňky penaltiler hasaba alynmazdan) dördünji penaltisini dürs ýerine ýetirip bilmedi. Bu bolsa ýaryşyň taryhyndaky iň pes görkezijidir. Şeýle hem, ol bir dünýä çempionatynda iki penaltini dürs ýerine ýetirip bilmedik ilkinji futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

Argentina häzirki dünýä çempionydyr. Bu milli ýygyndy dünýä çempionatynda jemi üç gezek – 1978, 1986 we 2022-nji ýyllarda çempion boldy. Müsür bolsa öz taryhynda ilkinji gezek toparçadan çykmagy başardy. Mundan ozal olar diňe 1934-nji ýyldaky dünýä çempionatynda 1/8 finalda çykyş edipdi. Şol ýaryşda toparça tapgyry geçirilmeýärdi.