Turkmenportal logo
Düýn 17:12
57575757
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Messana yollar» HJ ygtybarly ýük daşaýjyny saýlamagyň ýollary barada gürrüň berdi

Halkara ýük daşamalary — bu diňe bir amatly nyrhy gözlemek däl-de, eýsem, harydyň abat saklanmagyny, möhletleriň berjaý edilmegini we her bir basgançakda doly goldawy üpjün edip biljek hyzmatdaşy saýlap almakdyr. Ýük daşaýjyny saýlamakda goýberiljek ýalňyşlyk goşmaça çykdajylara, üpjünçilik bökdençliklerine we beýleki oňaýsyz netijelere getirip biler.

«Messana yollar» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri ýük daşamak üçin kompaniýa saýlananda birnäçe esasy görkezijileri nazara almagy maslahat berýärler.

Ilkinji nobatda, ýük daşaýjynyň tejribesini we onuň işleýän ugurlaryny öwrenmek gerek. Anyk ugurlar boýunça ýöriteleşen kompaniýalar serhetlerden geçmegiň, resminamalary resmileşdirmegiň we logistikany guramagyň aýratynlyklaryny has gowy bilýärler, bu bolsa artykmaç bökdençlikleriň öňüni almaga kömek edýär.

Hödürlenýän hyzmatlaryň toplumy möhümdir. Ygtybarly logistika operatory ýüküň kabul edilip alynmagyndan başlap, tä alyja gowşurylýança ýük daşamalarynyň ähli tapgyrlarynda müşderä kömek edýär. Şeýle çemeleşme buýrujynyň ýüküň ýagdaýy barada yzygiderli maglumatlary almagyna hem-de ýüze çykýan meseleleri öz wagtynda çözmegine mümkinçilik berýär.

Şeýle-de, ýük daşaýjynyň eltip bermek möhletlerini nähili berjaý edýändigini öňünden anyklamak maslahat berilýär. Uguryň takyk meýilleşdirilmegi, hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklar we ýüküň hereketine yzygiderli gözegçilik edilmegi garaşylmadyk bökdençlikleriň döremek töwekgelçiligini ep-esli derejede azaldýar.

Hyzmatdaşlygyň aýdyň bolmagyna aýratyn üns bermek zerurdyr. Professional kompaniýa ýük ugradylmazyndan öň müşderiniň ähli proseslere doly düşünmegi üçin hyzmatlaryň bahasyny, daşamak şertlerini we zerur resminamalaryň sanawyny öňünden ylalaşýar.

Häzirki wagtda barha köp türkmen telekeçileri hytaýly öndürijiler bilen hyzmatdaşlygy ösdürýärler, şonuň üçin hem Hytaý — Türkmenistan ugry boýunça logistik çözgütlere aýratyn uly isleg bildirilýär. «Messana yollar» HJ bu ugur boýunça halkara ýük daşamalaryny üstünlikli gurap, ylalaşylan möhletleriň berjaý edilmegini we ýükleri eltip bermegiň ähli tapgyrlarynda doly goldawy üpjün edýär. Kompaniýa professional çemeleşmesi netijesinde müşderilerine wagty tygşytlamaga, töwekgelçilikleri iň pes derejä düşürmäge we ünsüni öz işewürligini ösdürmäge gönükdirmäge ýardam edýär.

Halkara ýük daşamalaryny guramak meseleleri boýunça «Messana yollar» hojalyk jemgyýetine aşakdaky maglumatlar arkaly ýüz tutup bilersiňiz:

+993 (65) 66-28-19
+993 (61) 15-05-15
+993 (71) 92-33-66

info@messanayollar.com