Meşhur amerikan alymy, häzirki zaman internetini esaslandyryjylaryň biri Winton Serf geljek hepdede «Google» kompaniýasynda işini tamamlar diýip, «TechCrunch» neşirine salgylanýan «azertaj.az» habar berdi.
83 ýaşly Winton Serf egindeşi Robert Kan bilen bilelikde, häzirki zaman internetiniň özeni bolan TCP/IP tor protokollaryny döretdiler. Olaryň 1970-nji ýylda başlanan bilelikdäki işi häzirki ählumumy toruň esasyny düzdi. 2005-nji ýyldan başlap, Serf «Google»-de wise-prezidentiň hem-de internetiň baş ýewangelistiniň (Chief Internet Evangelist) wezipelerini eýeledi.
Pensiýa gitmezinden öň alym «Laude Institute» tarapyndan guralan «Open Frontier» ylmy maslahatyna gatnaşdy. Çäräniň esasy mowzuklarynyň biri emeli aňyň öňdebaryjy modelleriniň iri kompaniýalaryň az sanlysynyň elinde bolmagynyň TCP/IP döredilende esas edilip alnan açyk we merkezleşdirilmedik internet ýörelgelerine ters gelýändigini nygtadylar.