Turkmenportal logo
Şu gün 10:09
42934293
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan migrantlaryň bikanun geçirilmegine garşy göreşmek boýunça Wenada geçirilen duşuşyga gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 1-nji iýulda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde geçirilen Migrantlaryň bikanun geçirilmegine garşy göreşmek boýunça Ählumumy bileleşigiň ýokary derejeli wezipeli adamlarynyň ikinji mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi saýtynda habar berlişine görä, maslahatyň gün tertibinde migrasiýa ulgamynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, sebit we ählumumy derejede migrasiýa dolandyryşy boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy. Şeýle hem howpsuz, tertipli we kanuny migrasiýany dolandyrmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gönükdirilen Ählumumy bileleşigiň 2026–2028-nji ýyllar üçin iş meýilnamasynyň taslamasyna garadylar.