Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjana saparynyň ikinji gününde Fizuli hem-de Şuşa şäherlerine baryp gördi. Ýolugra Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň Prezidentleri ýörite gurnalan ýerde Fizuli şäherinde gurulýan binalaryň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde gurluşygy alnyp barylýan metjidiň taslamalary bilen tanyşdyryldy. Soňra iki ýurduň Prezidentleri Şuşa şäherine ugradylar. Bu şähere barýan ýoluň ugrunda iki ýurduň Liderleri sebitiň gözel künjekleriniň biri bolan «Daşalty» düzlüginde saklandylar hem-de bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň Prezidentleri Şuşa şäherinde Hurşidbanu Natuwanyň, Üzeýir Gajibaldiniň hem-de Bülbüliň heýkellerini synaldylar. Bu sungat ussatlarynyň galdyran baý edebi mirasy dogduk mekanynyň çäklerinden has uzaklara ýaýrap bütindünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we dostlukly ýurduň döwlet Baştutany Azerbaýjanyň meşhur opera aýdymçysy Bülbüliň Şuşadaky öý muzeýine bardylar. Bu ýerde meşhur artistiň çagalyk ýyllary geçipdir. Muzeýde azerbaýjan wokal sungatynyň düýbüni tutujy professor Bülbüliň çagalyk döwründäki we maşgala fotosuratlary, şahsy zatlary, şeýle hem aýdymçynyň döredijilik, ylmy, pedagogik we jemgyýetçilik işini beýan edýän resminamalar bar. Bülbüliň ogly, Azerbaýjanyň, şeýle hem Türkmenistanyň halk artisti Polat Bülbül ogly belent mertebeli myhmanlary muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy.

Şuşa şäheri bilen tanyşlygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Jydyr düzüne bardylar. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentine belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde «garabag» tohumyndan bolan «Mert» atly bedew sowgat berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny açyp görkezýän gezelenjiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Prezident Ilham Aliýewe hem-de azerbaýjan tarapynyň wekillerine minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.