Turkmenportal logo
Şu gün 17:17
24002400
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebap welaýatynyň «Azyk» önümçilik birleşiginde 7,5 müň tonna çigit ýagy öndürildi

Lebap welaýatynyň «Azyk» önümçilik birleşiginde arassalanylan pagta ýagy, sarun, harpyk, hojalyk sabynlary öndürilýär. Önümçilik birleşiginde şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynyň jemleri boýunça ýokary görkezijiler gazanyldy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti tarapyndan habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde ýylyň başyndan bäri 41 müň 494 tonna çigit gaýtadan işlenilip, ýagyň 7 müň 480 tonnasy, arassalanylan ýagyň 6 müň 227 tonnasy, sarunyň 18 müň 672 tonnasy, harpygyň 12 müň 697 tonnasy, hojalyk sabynynyň bolsa 45 tonnasy öndürildi. Meýilnama 100 göterimden 122 göterime çenli berjaý edildi.

Önümçilik birleşigi 1979-njy ýyldan bäri halka hyzmat edip gelýär diýlip, habarda bellenilýär.