Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Dialogyň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma döredýän giň gerimli meseleler boýunça pikir alşyldy. Taraplar adam hukuklary babatda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, şol sanda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, hukuk tertibiniň we kanunyň hökmürowanlygynyň pugtalandyrylmagy, gender deňligini üpjün etmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapy adam hukuklary babatda milli maksatnamalaryň we hereket meýilnamalarynyň durmuşa geçirilişi, hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegi, demokratik institutlaryň ösdürilmegi hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşyjylary 2026-njy ýylyň 5-nji martynda hödürlenen ÝB-niň gender deňligi babatdaky strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdylar we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, şeýle hem deň hukuklary we mümkinçilikleri üpjün etmek boýunça öňdebaryjy tejribeleri alyşmagyň möhümdigini bellediler.