Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde Fizuli şäherine baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanyny Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.
«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Azerbaýjana ynsanperwer sowgady bolan metjidiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, Fizuli şäherinde bina edilýän metjidiň gurluşygyna 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Azerbaýjanyň Gabala şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitiniň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda badalga berlipdi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan metjidiň gurluşygy «Aga-Gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan alnyp barylýar.
Köňül tämizliginiň we gadymdan gelýän asylly däp-dessurlaryň mynasyp dowamy boljak metjidiň gurluşyk meýdançasy 3 sany binany öz içine alyp, ol 500 adama niýetlenilen metjitden, 250 orunlyk sadaka jaýyndan hem-de tärethanadan ybaratdyr.
Gurluşygy güýçli depginde dowam edýän metjit türkmen-azerbaýjan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berk ruhy esaslaryň binýadynda ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýe bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäherinde Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde bina edilýän metjidiň gurluşyk işleri bilen tanyşlykda soňra, bu ýerden Şuşa şäherine ugrady.