Turkmenportal logo
Düýn 14:37
68686868
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen mekdep okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda iň gowy 20 toparyň hataryna girdi

Türkmen okuwçylaryndan düzülen Oguzrobot topary Niderlandlaryň Eýndhowen şäherinde geçirilen FIRST Tech Challenge European Premier Event 2026 halkara robototehnika ýaryşynda iň gowy 20 toparyň (TOP-20) hataryna girdi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

16–20-nji iýunda Indoor-Sportcentrum Eindhoven sport merkezinde geçirilen ýaryşyň jemleýji tapgyryna dünýäniň 33 ýurdundan 105 topar gatnaşdy. Çäre Benilýuks ýurtlarynda FIRST Tech Challenge taslamasynyň hyzmatdaşy bolan Niderlandlaryň STEAMup guramasy tarapyndan guraldy.

Toparyň düzümine Aşgabat şäherindäki 97-nji orta mekdebiň okuwçylary — Dürdäne Gurbanowa, Ogulaý Kulyýewa, Oraznyýaz Rejepow, Nepesaly Täçmyradow we Nuraly Kerimow girdi. Topara halypa Gurban Seýitgulyýew ýolbaşçylyk etdi.

Oguzrobot topary Ýewropa finalyna gatnaşmak hukugyny Astana şäherinde geçirilen FIRST Tech Challenge Central Asia 2026 ýaryşynyň netijeleri boýunça gazandy.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow okuwçylary ilçihananyň binasynda kabul edip, olary gazanan üstünligi bilen gutlady. Onuň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň robototehnika, inženerçilik we programmirleme ugurlarynda gazanýan üstünlikleri ýaş nesliň ylma we häzirki zaman tehnologiýalaryna bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen mekdep okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda iň gowy 20 toparyň hataryna girdi | Turkmenportal.com