Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer iş başyndan gitdi. Millete ýüzlenmesinde ol bu barada ýurduň Patyşasyny habarly edendigini aýtdy. Ol şeýle-de Hökümete başlyklyk eden döwri üçin buýsanýandygyny nygtap, «Bu köçede gezelenç etmek meniň durmuşymyň iň buýsançly pursatlary bolupdy» diýdi.
Starmer şeýle-de Leýboristler partiýasynyň liderligini terk edýändigini habar berdi. Ol täze Hökümet başlygy saýlanýança wezipe ygtyýarlylyklaryny dowam eder.
Kir Starmer soňky on ýylda iş başyndan giden altynjy britan Premýer-ministridir. Bu barada Dauning-strit 10-daky hökümet jaýynda ýaşaýan Larri lakamly meşhur pişik hem sosial torda degişmek bilen, «Myş-myşlara ynansaň, men basym ýedinji Premýer-ministriňkide ýaşap başlamaly. Eger şunlugyna dowam etse, men hatda olaryň atlaryny-da ýadymda saklap bilmerin» diýip ýazdy.
Leýboristler partiýasynyň täze lideriniň saýlawlary 9-njy iýulda geçer, Premýer-ministr sentýabrda parlamentde işler dikelýänçä saýlanar.
Bu wezipeleriň ikisine hem iň mümkin oruntutar Endi Bernem hasaplanýar, ol Meýkerfild okrugynda geçen deslapky saýlawlarda ýeňiş gazandy.
Bu barada «rg.ru» we «MIR 24» habar berdiler.