Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanda döwlet saparynda bolýar. Türkmenistanyň Prezidenti saparyň çäklerinde şu gün Fizuli şäherçesine bardy. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär.

Fizuli Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna Hormat garawuly nyzama düzüldi. Belent mertebeli myhmany Azerbaýjanyň Prezident Ilham Aliýew garşylady.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Bakuwda geçirilen türkmen-azerbaýjan gepleşikleriniň jemleri boýunça birnäçe resminama gol çekilendigini, şeýle-de Azerbaýjanyň Türkmenistana «Dostluk» atly nebit tankerini sowgat berendigini habar beripdik.