Turkmenportal logo
Şu gün 11:56
18731873
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti ulag-logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan toparynyň işini güýçlendirmegi teklip etdi

Üstaşyr ulag ulgamyndaky gatnaşyklar Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygynyň strategik ugry bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet saparynyň dowamynda geçirilen duşuşykda belledi.

TDH-de habar berlişi ýaly, Türkmenistan halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Aziýanyň hem-de Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň amatly geografik ýerleşişini nazara almak bilen, olar halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine möhüm goşant goşmaga ukyplydyrlar. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesi üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr.

«Ýurtlarymyz Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Rumyniýa ugry boýunça Hazar deňzi — Gara deňiz ulag geçelgesini döretmek baradaky başlangyçlary goldaýarlar. Hazar we Gara deňiz sebitleriniň baglanyşdyrylmagy ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri açýar» diýip, döwlet Baştutany nygtady hem-de ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek maksady bilen, Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan toparynyň işini güýçlendirmegi teklip etdi.