Turkmenportal logo
Şu gün 11:08
14371437
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Bütindünýä banky milli statistika ulgamyny ösdürmek boýunça ylalaşyga gol çekdiler

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti 2026–2027-nji ýyllarda ýurduň statistika ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen Bütindünýä banky topary (Halkara täzeleniş we ösüş banky – HTÖB) bilen tölegli maslahat beriş hyzmatlaryny bermek baradaky ylalaşyga gol çekdi. Gol çekişlik dabarasy 22-nji iýunda komitetiň binasynda geçirildi.

Resminama gol çekilmezden öň komitetiň ýolbaşçysy Bütindünýä bankynyň Gazagystandaky we Türkmenistandaky hemişelik wekili Andreý Mihnewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Şeýle hem şu ýylyň dowamynda bankyň wekiliýetleriniň birnäçe iş saparlary amala aşyryldy.

Ylalaşygyň çäklerinde birnäçe ugur boýunça tehniki goldaw göz öňünde tutulýar. Hususan-da, Halkara deňeşdirmeler maksatnamasyna gatnaşmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, BMG-niň Statistika komissiýasynyň 2025-nji ýylyň mart aýynda Nýu-Ýorkda geçirilen 56-njy mejlisinde kabul edilen 2025-nji ýyldaky Milli hasaplar ulgamy (SNA-2025) standartlaryna laýyklykda milli hasaplar ulgamyny we jemi içerki önümiň (JIÖ) hasaplamalaryny ösdürmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, öý hojalyklary we zähmet bazary boýunça barlaglaryň maglumatlaryny ýygnamak işini Survey Solutions (CAPI) platformasy arkaly sanlylaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň dowamynda halkara bilermenleri baha maglumatlaryny ýygnamak üçin operasion gollanmalary hem-de harytlaryň we hyzmatlaryň nusga sanawlaryny taýýarlamaga ýardam ederler. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri üçin satyn alyş ukybynyň deňligini hasaplamak, milli hasaplary düzmek boýunça okuw türgenleşikleri, şeýle hem kompýuter arkaly şahsy söhbetdeşlik tehnologiýasyny ulanmak bilen synag barlaglary geçiriler.

Bu ylalaşygyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurduň makroykdysady görkezijileriniň takyklygynyň ýokarlanmagyna we milli statistika ulgamynyň halkara ülňülere laýyk getirilmegine ýardam etmegine garaşylýar.