Turkmenportal logo
Şu gün 10:55
36943694
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekişdiler

2-nji iýunda Warşawada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow we Polşanyň Serhet gullugynyň başlygy Robert Bagan migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekdiler.

Resminama maglumatlary we öňdebaryjy tejribeleri alyşmagy, bilelikdäki geňeşmeleri hem-de bilermenleriň duşuşyklaryny geçirmegi, şeýle hem iki edaranyň hünärmenleriniň arasynda hünär gatnaşyklaryny ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ählumumy migrasiýa ulgamynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.