«Figure AI» atly amerikan startapynda işgär-robotlaryň sany adamlardan köp bolup çykdy. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Brett Adkok sosial tordaky sahypasynda ýazdy diýip, «Gazeta.ru» habar berdi. 2025-nji ýylda kompaniýada robotlaryň sany 100 birlikden geçen bolsa, 2026-njy ýylyň ikinji çarýegine çenli takmynan 740 robota çenli köpeldi diýip, Adkok ýazdy.
«Figure AI» kompaniýasynda häzirki wagtda 660 adam zähmet çekýär, olaryň sany 2025-nji ýylda 400 adam töweregidi. Şunlukda, robot tehnikasyny ornaşdyrmagyň depgini adam gorlaryndan öňe geçdi.
Baş direktor hasabatyň ýany bilen ulanyşa taýýar edilen täze gumanoid robotlaryň fotosyny ýerleşdirdi.
Öň «Figure 03» robotynyň adam goldawy bolmazdan, sekiz gije-gündiz önümleri saýhallamak bölüminde arakesmesiz işländigi habar berlipdi.