Fransiýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Yragyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňdi we pleý-off tapgyryna çykmagy üpjün etdi. Duşuşyk ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň Filadelfiýa şäherinde geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde gollary Kilian Mbappe (14-nji we 54-nji minutlarda) hem-de Usman Dembele (66-njy minutda) geçirdiler.
Bu gollar bilen Mbappe dünýä çempionatlaryndaky gollarynyň sanyny 16-a ýetirip, germaniýaly Miroslaw Kloze bilen deňleşdi we braziliýaly Ronaldodan geçdi. Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky iň netijeli futbolçylaryň sanawynda Awstriýa garşy oýunda iki gol geçirip, umumy gol sanyny 18-e ýetiren argentinaly Lionel Messi barýar.
Duşuşyk howa şertleri sebäpli birinji ýarym tamamlanandan soň wagtlaýyn togtadyldy. Toparlar oýny iki sagatdan soň dowam etdirdiler. ABŞ-da geçirilýän ýaryşyň oýunlarynda berk howpsuzlyk düzgünleri hereket edýär: stadiondan 13 kilometr radiusda ýyldyrym hasaba alnan ýagdaýynda oýun derrew togtadylýar, her täze ýyldyrym çakmasyndan soň bolsa 30 minutlyk täze garaşma möhleti başlanýar.
Yraklylara garşy geçirilen oýun Mbappe üçin Fransiýanyň milli ýygyndysyndaky 100-nji duşuşyk boldy. Şeýlelikde, ol bu sepgide ýeten milli toparyň taryhyndaky onunjy futbolçy boldy. Hüjümçi şol bir wagtyň özünde Fransiýanyň milli ýygyndysynyň taryhyndaky iň netijeli bombardir bolup, onuň hasabynda 60 gol bar. Mbappe 2024-nji ýyldan bäri Madridiň «Real» klubunda çykyş edýär. Ol klubuň düzüminde 2024/25 möwsüminde Ispaniýanyň Superkubogyny we Yklymara kubogy gazandy. Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde bolsa hüjümçi 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen dünýä çempionatynda altyn medala, 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä birinjiliginde bolsa kümüş medala mynasyp boldy.
Alty utuk toplan Fransiýanyň milli ýygyndysy I toparçada birinji orny eýeleýär. Yragyň ýygyndysy bolsa heniz utuk gazanyp bilmändigi sebäpli toparçanyň soňunda ýerleşýär. Toparçalaýyn tapgyryň jemleýji duşuşyklarynda fransuzlar 26-njy iýunda Norwegiýa bilen, yraklylar bolsa şol gün Senegal bilen duşuşarlar.