Turkmenportal logo
Şu gün 08:43
19901990
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda 65 suratkeş Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi merkezinde «Medeniýet we sungat – Magtymguly Pyragynyň göwün çyragy» atly gala-serginiň açylyş dabarasynyň çäklerinde ýurdumyň 65 suratkeş Türkmenistanyň medeni durmuşyna işjeň gatnaşandyklary we öz zehinlerini aýdyň görkezendikleri üçin Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Serginiň açylyşy Türkmenistanda her ýylyň 27-nji iýunynda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guraldy.

Ekspozisiýada suratkeşler Rahman Umarowyň, Gunça Myradowanyň, Meýlis Ataýewiň, Muhammet Rejepgeldiýewiň we beýleki köp sanly ussatlaryň eserleri görkezilýär.

Şeýle hem zergärler Aýjemal Çaryýewa, Göwher Nurymowa hem-de Akgül Annasaparowa ogly Allaýar Batyrow bilen bilelikde öz döreden eserlerini sergä hödürlediler.

Çeşmäniň bellemegine görä, Dilber Umarowa bolsa «Oba durmuşy» atly keramiki keşpleriniň toplumy bilen tanyşdyrdy.