Turkmenportal logo
Şu gün 08:42
26852685
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Messi dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň köp gol geçiren futbolçy boldy

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Argentinanyň milli ýygyndysy Awstriýanyň toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi. J toparçasynyň duşuşygy Dallas şäherinde geçirildi. Iki goly hem Lionel Messi 38-nji we 90+5-nji minutlarda geçirdi.

Bu gollaryň netijesinde 38 ýaşly hüjümçi dünýä çempionatlaryndaky gollarynyň sanyny 18-e ýetirip, ýaryşyň taryhyndaky iň netijeli bombardir boldy. Şeýlelikde, ol germaniýaly Miroslaw Klozeniň 16 gollyk rekordyny täzeledi. Rekord 38-nji minutda hasaba alyndy. Şonda Messi Fakundo Medinanyň jerime meýdançasyna eden pasyndan soň hasaby açdy we awstriýaly derwezeçi Aleksandr Şlageri garşy tarapa hereket etdirmek arkaly gol geçirdi. Bu netijä ýetmek üçin argentinaly futbolça 28 oýun gerek boldy, Kloze bolsa 16 goly 24 duşuşykda geçiripdi.

Mundan ozal, toparçalaýyn tapgyryň ilkinji oýnunda Messi Alžire garşy geçirilen duşuşykda 3 gol geçirip, dünýä çempionatlaryndaky gollarynyň sany boýunça Kloze bilen deňleşipdi.

Mundan başga-da, Messi 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň 1/8 finalyndan bäri dünýä çempionatlarynyň yzly-yzyna alty oýnunda gol geçirip, fransiýaly hüjümçi Žýust Fonteniň (1958) we braziliýaly hüjümçi Žairzinýonyň (1970) rekord tapgyryny gaýtalady. Emma Messiden tapawutlylykda, Fonten bilen Žairzinýo bu netijäni bir çempionatyň çäginde gazanypdylar.

Duşuşyk dartgynly pursatsyz geçmedi. 9-njy minutda VAR ulgamynyň kömegi bilen Lautaro Martinese garşy edilen düzgün bozma üçin bellenen penaltini Messi ýerine ýetirip bilmedi. Pökgi derwezäniň sütüniniň golaýyndan geçdi. Bu argentinaly futbolçynyň dünýä çempionatlarynda ýerine ýetirip bilmedik üçünji penaltisi bolup, ýaryşyň antirekordydyr.

Alty utuk toplan Argentinanyň milli ýygyndysy J toparçasynda ýeke-täk lider boldy we pleý-off tapgyryna çykmagy kepillendirdi. Awstriýanyň ýygyndysy bolsa üç utuk bilen ikinji orunda ýerleşýär.

Toparçalaýyn tapgyryň soňky duşuşyklarynda Argentina Iordaniýa bilen, Awstriýa bolsa Alžir bilen oýnar. Iki duşuşyk hem 28-nji iýunda geçiriler.

Messi 2023-nji ýyldan bäri MLS ligasynyň «Inter Maýami» klubunda çykyş edýär. Ondan öň ol Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» hem-de Ispaniýanyň «Barselona» klublarynda oýnady. «Barselonanyň» düzüminde ol dört gezek Çempionlar ligasynyň, üç gezek UEFA-nyň Superkubogynyň we üç gezek Klublaryň arasynda dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy.

Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Messi dünýä çempiony (2022), dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi (2014), Olimpiýa çempiony (2008) we iki gezek Amerikanyň Kubogynyň ýeňijisi (2021, 2024) boldy. Şeýle hem ol sekiz gezek «Altyn pökgi» baýragyna mynasyp bolup, bu ugurda rekordyň eýesidir.