Turkmenportal logo
Düýn 17:49
46014601
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistanda ilkinji gezek Halkara sirk sungaty festiwaly geçiriler

17–20-nji sentýabr aralygynda Duşenbe şäherinde «Sirk dünýäsi ýürekleri birleşdirýär!» atly ilkinji Halkara sirk sungaty festiwaly geçiriler. Bu çäre Täjigistanyň Döwlet sirkiniň sahnasynda guralar – diýip, ýurduň Medeniýet ministrligi habar berýär.

Festiwal Täjigistanyň döwlet garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýär we ýurduň Hökümetiniň hem-de Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde guralýar. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan döredijilik işgärleri gatnaşmaga çagyryldy.

Çäräniň esasy maksady sirk sungatyny wagyz etmek, hünärmenleriň arasynda tejribe alyş-çalşygyny ösdürmek, şeýle hem halkara medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.