Turkmenportal logo
Şu gün 17:09
37893789
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
1-nji iýuldan Türkiýede daşary ýurtly talyplary okuwa kabul etmegiň täze möwsümi başlanýar

1-nji iýuldan başlap Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerine daşary ýurtly dalaşgärleri kabul etmegiň täze möwsümi açylýar.

Ýurduň çäginde eýýäm ýaşaýan daşary ýurtly dalaşgärler, şeýle hem Türkiýäniň daşynda bolýan dalaşgärler saýlan ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryny gönüden-göni tabşyryp, okuwa kabul edilmek hem-de Türkiýe Respublikasynyň kanunçylygyna laýyklykda kanuny talyp derejesini almak mümkinçiligine eýe bolarlar.

Arzalary tabşyrmagyň anyk tertibi her bir ýokary okuw mekdebiniň düzgünleriň we hereket edýän migrasiýa kadalaryň esasynda kesgitlenýär. Okuwa kabul edilenden soň talyplar kanuny esasda bilim almak üçin zerur bolan resminamalary, şol sanda talyp wizasyny ýa-da degişli derejeli ýaşamak üçin ygtyýarnamany resmileşdirip bilerler.

Türkmen dalaşgärleri üçin Türkmenistanda ykrar edilýän diplomlary berýän ýokary okuw mekdeplerine girmek mümkinçiligi aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle-de Türkiýäniň käbir uniwersitetlerinde okuw töleglerini, degişli şertler berjaý edilen ýagdaýynda, Türkmenistanyň banklary arkaly geçirmek mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.

Okuwa kabul ediş işi lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary (IT), ykdysadyýet, binagärlik, halkara gatnaşyklary, mugallymçylyk we telekeçilik ýaly ugurlaryň giň toplumyny öz içine alýar.

Okuwa kabul edilmegiň ähli tapgyrlarynda — uniwersitet saýlamakdan başlap resminamalary resmileşdirmäge çenli — hünär goldawyny GLOBAL ACADEMY CONSULTING kompaniýasy üpjün edýär.

Habarlaşmak üçin:

Telefonlar: 0553 461 11 39, 0505 000 11 39, 0507 045 77 88

E-poçta: globalvisaconsulting@gmail.com, info@globalmediatravel.com.tr

Web sahypasy: globalmeditravel.com.tr

Sosial ulgamlardaky sahypasy.