Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Baku şäherindäki «Ýeňiş» ýadygärlikler toplumyna we azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň guburyna gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.
Ilki bilen, döwlet Baştutany «Ýeňiş» ýadygärlikler toplumyna bardy we öz Watany üçin janyny gurban eden Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy. Munuň özi geljek nesilleriň abadan durmuşy üçin şirin janyny pida eden gahrymanlary hatyralamak ýaly türkmen we azerbaýjan halklaryna mahsus däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýany boldy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentine Baku şäheriniň häkimi E.Azizow ýadygärlikler toplumy barada maglumat berdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň baky aram tapan ýeri bolan Hormat meýdançasyna bardy. Bu ýerde Azerbaýjanyň görnükli döwlet we syýasy işgärini hatyralap, Geýdar Aliýewiň guburyna gül desselerini goýdy. Mälim bolşy ýaly, Geýdar Aliýewiň ýolbaşçylygynda Azerbaýjan Respublikasynyň okgunly ösüşi we halkara abraýynyň belende galmagy üçin berk binýat goýuldy. Ol Türkmenistanda iki doganlyk ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet beren döwlet işgäri hökmünde tanalýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna sapary dowam edýär.