Turkmenportal logo
Şu gün 16:12
39603960
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bäş aýda üç toý: Hindistanyň polisiýasy ýerli zenanyň yzygiderli durmuşa çykmagyny derňeýär
Surat: ont.by

Hindistanyň hukuk goraýjy edaralary Himaçal-Pradeş ştatynda ýerli ýaşaýjy zenana degişlilikde derňew işine başladylar. Ol bäş aýda üç gezek durmuşa çykmaga ýetişipdir diýip, «Bhaskar English» neşirine salgylanýan «OHT.by» internet neşiri habar berýär.

Žurnalistler zenanyň we ärleriniň şahsy maglumatlarynyň heniz gizlin saklanýandygyny habar berdiler. Sebäbi resmi edaralar zenanyň resmi nikadan geçip-geçmändigini öwrenýärler. Hindistanda nikany bozmagyň diňe kazyýet üsti bilen mümkindigi we şeýle köp durmuşa çykmaga berk gadaganlyk hereket edýändigi üçin şeýle nika işjeňligi adatdan daşary ýagdaý hasap edilýär. Hukuk goraýjylar zenan babatda kezzaplykda şübhelenýärler.

Eger, hakykatdanam, zenanyň aldawçylygy subut ediläýse, oňa köp möçberde jerime bellener. Derňew işleri heniz dowam edýär diýlip, habarda bellenýär.