Daşkentdäki «Ýangi Awlod» senagat zolagynda gumanoid robotlary we olaryň şaýlaryny öndürmek boýunça zawodyň gurluşygyna badalga berildi. Çäre bäşinji Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde geçdi diýip, «Daryo.uz» habar berdi.
Dabara Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýew, maýa goýum, senagat we söwda ministriniň orunbasary Ilzat Kasymow, Koreýa Respublikasynyň ilçisi Won Do Ýen hem-de «ROBOTIS» kompaniýasynyň prezidenti Kim Býeng Su gatnaşdylar.
«ROBOTIS» günorta koreý kompaniýasy 1999-njy ýylda esaslandyrylyp, özbaşdak robot tehnikasy ulgamynda dünýä liderleriniň biridir. Onuň tehnologiýalaryny Amazon, Microsoft, Apple, NASA, Google, Samsung we BMW ýaly iri kompaniýalar ulanýarlar.
Taslama Özbegistanda bir müňden gowrak täze iş orunlaryny döreder hem-de Özbegistany Merkezi Aziýada robot tehnikasy boýunça öňdebaryjy ýurda öwürmäge esas döreder diýlip garaşylýar.