Ýaponiýanyň Hökümeti iýuldan başlap, daşary ýurtlular üçin bir gezeklik giriş wizasyny resmileşdirmek boýunça ýygymlary bäş esse – 3 müň ýen bolanlygyndan 15 müň ýene çenli artdyrmak barada karar kabul etdi. Bu barada ýurduň «Kyodo» agentligine salgylanýan «Belta.by» habar berdi.
Bu karar hümmetsizlenme we milli puluň gowşamagy bilen baglylykda, 1978-nji ýyldan bäri ilkinji gezek kabul edildi. «Biz bu çözgüt dessine giriş syýahatçylygyna täsir eder diýip garaşmaýarys» diýip, ýurduň daşary işler ministri Tosimisu Motegi metbugat duşuşygynda belledi.
Neşir wiza ýygymlarynyň möçberiniň artdyrylmagynyň «Uly ýedilikde» hereket edýän derejä ýetirmek maksady bilen kabul edilendigini habar berýär.