Turkmenportal logo
Şu gün 12:27
63936393
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebap welaýatynda gowaçalara ideg işleri dowam etdirilýär

Lebap welaýatynyň oba hojalykçylary 130 müň gektar ýerde gowaça ekip, ondan 320 müň tonna pagta hasylyny almagy meýilleşdirýärler. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, sebitde şu oba hojalyk ýylynda gowaçanyň «S-2606», «Ýolöten-39», «Ýolöten-7», «Ýolöten-53», «Garaşsyzlyk-30» hem-de synag üçin «Buhara-8», we «Buhara-10» görnüşleri ekildi. 

Häzirki wagtda sebitde gowaçalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we olara ideg etmek işleri guramaçylykly dowam etdirilýär. Bu işde ýokary öndürijilikli tehnikalar we kämil oba hojalyk gurallary hem-de tirkegleri netijeli peýdalanylýar.

Gowaça bejergisinde tehnikalaryň gurat we saz işledilmeginde «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşigine we onuň etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalaryna hem aýratyn paý degişlidir.

Häzirki wagtda welaýatyň gowaça meýdanlarynda 3-nji suw tutmak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Welaýat boýunça gowaçalary zyýankeşlerden goramak, şeýle hem gowaçalary haşal otlardan arassalamak işleri hem utgaşykly dowam etdirilýär. Geljekki hasylyň ykbaly kesgitlenilýän häzirki wagtda gowaçalara ideg etmek işleriniň Halaç, Çärjew, Saýat etraplarynda has-da guramaçylykly alnyp barylýandygyny bellemek bolar.