Turkmenportal logo
Şu gün 11:30
66486648
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda ÝHHG-niň guramagynda gepleşikler we köpçülik bilen işleşmek boýunça okuw maslahat geçirildi

Aşgabatdaky Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Merkeziniň binasynda gepleşikler we köpçülik bilen işleşmek, şeýle hem çykyşlary taýýarlamagyň başarnyklary boýunça okuw maslahatlary geçirildi.

Maslahatyň işine halkara hünärmenler bilen birlikde, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri hem gatnaşdylar diýlip, gullugyň resmi saýtynda habar berildi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan geçirilen duşuşyklar metbugat gulluklarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga bagyşlandy. Bu duşuşyklar dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri, strategik meýilleşdiriş mehanizmleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen özara hyzmatdaşlyk etmegiň usullary bilen tanyşdyrmaga gönükdirildi.

Amaly sapaklaryň çäklerinde resmi çykyşlary ýazmagyň esaslaryna, köpçüligiň öňündäki çykyşlary ulgamlaşdyrmaga aýratyn üns berildi. Taraplar dürli ýagdaýlarda metbugat gulluklarynyň iş gurallaryny we maglumat habarlaryny utgaşdyrmagyň usullaryny içgin ara alyp maslahatlaşdylar. Pikir alyşmalaryň çäklerindäki aýratyn sapaklar ýokary hilli habarlary, beýanatlary taýýarlamaga bagyşlandy.