Turkmenportal logo
Şu gün 11:08
1043310433
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet sapary bilen bardy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy. Baku şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle-de türkmen wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.  

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk üstünlikli alnyp barylýar. Döwletara gatnaşyklaryň hukuk binýady häzirki günde ikitaraplaýyn gol çekilen 124 sany döwletara, hökümetara we pudagara resminamalary özünde jemleýär. Iki ýurduň Prezidentleriniň saparlary we ýokary derejedäki duşuşyklary hyzmatdaşlygy ösdürmekde esasy şert bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede resmi we iş saparlarynyň jemi 16-synyň amala aşyrylandygy bellenildi. Şeýle hem hökümetleriň derejesinde we daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna şu gezekki sapary hem iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berer.