Turkmenportal logo
Düýn 11:05
86588658
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda milli senenama laýyklykda Aralyk döwri başlandy

Türkmen milli senenamasyna laýyklykda 21-nji iýundan Aralyk döwri başlandy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

«Ülkerden soň gelýän, 21-nji iýundan 22-nji iýula çenli dowam edýän Aralyk döwründe daýhan göz öňünde tutan ekinini ekip ýetişse, onda göwün diýen hasylyny alyp bilipdir. Bardy-geldi haýal-ýagallyk edip, Aralyk döwrüni duşdan geçirse, onda güýzde käbir ekinleriň hasyly bişmän galýar. Bugdaýdan boşan ýerlere şaly ekmegi meýilleşdiren daýhanlar bolsa wagt utmak üçin şaly ekiljek ýeri gowy tekizläp, suwaryp, ekişe taýýar bolýança, ekiljek şaly tohumyny halta salyp, suwa ezip goýýarlar. Suwuň içinde birnäçe günden soňra gowy şinelän däneleri suwly ýere ekip başlaýarlar.

Aralykdan öň gelýän Ülker döwri ýaz bilen tomsuň sepgidi hasaplanýar. Şonuň üçin-de, «Ülker dogdy — tomus, ýaşdy — gyş» diýipdirler. Hakykatdan-da, Ülker öz ornuny Aralyk ýyldyzyna berenden soňra, asman gümmezinde käbir üýtgeşmeler bolup geçýär. Şu döwürde demirgazyk ýarym şarynda Günüň tomusky säginmesi başlanýar. On sekiz günläp dowam edýän bu säginme döwründe ekilen ekinler gününi sanap ösýär. Olaryň hasyl berşi-de gowy bolýar. Çogly Günüň aşagynda işlemek kyn bolsa-da, daýhanlar bu döwürde ekinleriň suwuny-da, bejergisini-de ýetiripdirler. Çünki bizdäki gawun-garpyz, üzüm we beýleki gök-bakja önümleri öz süýjüligini hut şol çogly güneşden alýar.

Adyndan belli bolşy ýaly, «aralyk» sözi ýaz bilen tomsuň sepgidi bolsa-da, ol ýyldyza-da dakylypdyr. Ol kiçi Köpek ýyldyzlar toparynyň iň ýagty ýyldyzydyr. Onuň töwereginde birnäçe ýyldyz çalaja sudur bolup görünýär. 22-nji iýun gijesi ony has-da äşgär synlamak bolýar. Bu döwür howanyň biçak gyzýan wagty bolansoň, çopanlar mallaryny gijelerine bakmaly bolýarlar. Maldarlar açyk we dury asmandaky ýyldyzlary synlap, ertesi howanyň neneňsiräk gyzjakdygyny bilipdirler. Sözümizi jemläp aýdanymyzda, asman gümmezindäki ýyldyzlaryň dogup-ýaşýan wagtlaryny gowy öwrenen ata-babalarymyz soňra ekerançylyk we maldarçylyk işlerini alyp baranlarynda, ýyldyzlaryň hereketini ýatda saklap, olardan peýdalanmagy başarypdyrlar».