Turkmenportal logo
Düýn 09:15
61326132
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Iýul aýynda Türkmenistanda döwlet derejesinde birnäçe medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär

Iýul aýynda amaly-haşam, keşdeçilik, senetçilik sungatynyň dürli görnüşlerini wagyz etmek maksady bilen, «Milli mirasymyz dowamat-dowam» atly çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle-de «Taryhy ýadygärlikleriň ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklary öwrenmekdäki ähmiýeti» atly taryhy-medeni ýadygärliklere tanyşdyryş gezelençlerini, arheologlar bilen duşuşyklary, maslahatlary guramak göz öňünde tutulýar. Bu barada 20-nji iýunda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa hasabat berdi.

Şeýle-de iýul aýynyň dowamynda höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Arkadag, Aşgabat şäherleri, Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlarynyň, zenanlaryň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň we serginiň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurtda köp sanly dabaraly çäreleriň geçirilýändigine ünsi çekdi hem-de wise-premýere şu ýylyň iýul aýyndaky çäreleri geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy diýip, TDH ýazýar.