Turkmenportal logo
Düýn 22:11
77707770
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti kosmonawt Oleg Kononenkony doglan güni mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Ý.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlaýyş ylmy-barlag, synag merkezi federal döwlet býujet edarasynyň başlygy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko doglan güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.  Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Oleg Kononenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, şeýle hem älem giňişligini özleşdirmekde alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.