20-nji iýunda «Art-bazar» galereýasynda «Neo-poeziýa» atly edebi serginiň açylyşy we meşhur türkmen ýazyjysy, dramaturgy hem-de şygryýet-grafika žanrynda eser döredýän Hemra Şirow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga sungat we medeniýet işgärleri, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri hem-de giň jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.
Sergide edebiýata we kitap okamaga bolan adaty garaýşy düýpgöter üýtgedýän şygryýet-grafika eserleriniň nusgalary görkezildi. Bu eserler goşgynyň diňe bir harplar we ses arkaly däl-de, eýsem şekillendiriş sungatynyň üsti bilen hem beýan edilip bilinýändigini görkezýär.


Çykyş edenler ýazyjynyň häzirki zaman türkmen şygyryýetinde täze bir žanryň kemala gelmegine goşan goşandyny bellediler. Şeýle hem Hemra Şirowyň döredijiliginiň çagalaryň arasynda we edebiýat söýüjileriň uly nesliniň arasynda giň meşhurlyga eýedigi nygtaldy.
Serginiň çäklerinde goşgular okaldy, şeýle hem Hemra Şirowyň sözlerine we onuň gyzy, kompozitor hem-de saz sungatynyň wekili Aýna Şirowanyň döreden aýdym-saz eserleri ýaňlandy.
Duşuşyk goşgynyň we saz sungatynyň ruhlandyryjy sazlaşygyna beslenen döredijilik gurşawynda geçip, sungat we edebiýat muşdaklaryny bir ýere jemledi.