Turkmenportal logo
20.06.26
1492414924
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Minsk we Moskwa Mamaýew gorganyny hem-de Brest galasyny ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmekçi
Surat: belarus.by

Russiýanyň we Belarussiýanyň Medeniýet ministrlikleri Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň hormatyna dikeldilen Brest galasy hem-de Mamaýew gorgany ýadygärliklerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin taýýarlamakda we hödürlemekde hyzmatdaşlyk barada memoranduma gol çekdiler.

Bu barada degişli resminama Peterburgda geçen medeni gatnaşyklary berkitmek hem-de kreatiw we döredijilik senagatlary ösdürmek boýunça halkara maslahatda Russiýanyň medeniýet ministri Olga Lýubimowa we Belarussiýanyň medeniýet ministri Marat Markow tarapyndan gol çekildi.