Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabadyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda «Türkmenistan – Malaýziýa: Nebitgaz pudagynda özara hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda nebitgaz pudagynda bilelikdäki tagallalary has-da işjeňleşdirmek meselelerine üns çekildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti «PETRONAS» kompaniýasynyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy we 20-nji deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça bilelikdäki işlere başlanjakdygyny şeýle hem 11, 12, 13 we 14-nji deňiz toplumlarynda 2D seýsmiki işlere girişmek bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini aýtdy. Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Malaýziýa nebitgaz pudagynda uzakmöhletli strategik hyzmatdaşlygy has-da berkidýär. Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Malaýziýa bu günki gepleşikleriň dowamynda nebitgaz pudagynda alnyp barylýan bilelikdäki işlerde özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň örän ýokary derejesini gazandylar.