Turkmenportal logo
18.06.26
84398439
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Slowakiýanyň Ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet sekretary bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Slowakiýa Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet sekretary Wladimir Şimonýak hem-de Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Wiktor Boreski bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisiniň netijeleri boýunça pikir alşyldy. Toparyň işiniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýandygy bellenildi.

Iki ýurduň daşary syýasy we ykdysady edaralarynyň arasynda özara saparlaryň guralmagyny hem öz içine almak bilen syýasy dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge we ýokary derejedäki gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanma tassyklanyldy. Şeýle hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ulag, energetika, maglumat tehnologiýalary we oba hojalygy we beýleki ugurlar boýunça giňeldilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, işewürlik saparlaryny guramak hem-de slowak kompaniýalarynyň Türkmenistanda geçirilýän sergilere we forumlara gatnaşmagy meselesine aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, bilim we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.