Turkmenportal logo
Düýn 16:14
60146014
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda 2026-njy ýylda GDA-nyň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisi geçiriler

Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi 2026-njy ýylda Aşgabatda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we döredijilik hem-de mediniýet we sungat pudaklaryny ösdürmek boýunça halkara maslahatyň umumy mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

«2026-njy ýylda Aşgabatda GDA-nyň agza döwletleriniň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çäräniň çäklerinde medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, taryhy-medeni mirasy gorap saklamagy, döredijilik alyş-çalyşlaryny ösdürmegi hem-de ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegi ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar» — diýip, ministr belledi.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistan GDA-da başlyklyk edýän döwlet hökmünde Arkalaşyga agza halklaryň bähbidi üçin giň gerimli ynsanperwer başlangyçlary durmuşa geçirmek ugrunda ähli mümkinçiliklerini peýdalanýar we bu ugurdaky işlerini mundan beýläk hem dowam etdirer.

Jumamyrat Gurbangeldiýew Türkmenistan «açyk gapylar» syýasatyna we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, medeniýeti halklary birleşdirýän, ynamy, özara düşünişmegi we hormaty pugtalandyrýan «altyn köpri» hökmünde görýändigini hem nygtady.