Malaýziýanyň Premýer-ministri Datuk Seri Anwar Ibrahim şu gün iki günlük resmi sapar bilen Aşgabada gelýär. Bu barada Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Mohd Suhaimi Ahmad Taýýuddin «New Straits Times» neşirine beren interwýusynda habar berdi. Sapar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça amala aşyrylýar we ol türkmen Lideriniň 2024-nji ýylyň dekabrynda Malaýziýa amala aşyran resmi saparyna jogap hökmünde guralýar.
Diplomatyň sözlerine görä, saparyň esasy garaşylýan netijesi Malaýziýanyň döwlet nebit kompaniýasy bolan «Petronas»-yň ýurtda mundan beýläk hem iş alyp barmagyny üpjün etjek ylalaşyk bolar. Ilçi: «Bu ylalaşyk olara Türkmenistanda ýene-de 20 – 25 ýyl işlemäge mümkinçilik berer» diýip belledi. «Petronas» kompaniýasy ýurtda 1996-njy ýyldan bäri işläp, şu wagta çenli takmynan 11,8 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýdy. Geçen ýyl kompaniýa Türkmenistanyň hökümeti we hyzmatdaşy bolan «Abu Dhabi National Oil Company»-niň halkara maýa goýum bölümi «XRG» bilen täze ylalaşyga gol çekdi.
Geňeşmeleriň resmi maksatnamasy 19-njy iýuna bellenen bolup, oňa Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyk, Bilelikdäki Beýannama gol çekmek, şeýle-de birnäçe ylalaşyklara we özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalara gol çekmek dabarasy girýär. Taraplar şeýle-de nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Türkmen-malaýziýa forumyny geçirerler.
Energetikadan daşgary, gepleşikleriň barşynda ulag, logistika, oba hojalygy, halal önümçiligi, şeýle-de sanly tehnologiýalar we emeli intellekt pudaklarynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Iki ýurduň arasyndaky özara haryt dolanyşygy 2024-nji ýylda takmynan 17,7 million ABŞ dollaryny düzdi. Bu sapar Anwar Ibrahimiň Premýer-ministr hökmündäki ilkinji sapary we Malaýziýanyň hökümet baştutanlarynyň derejesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda bäşinjisidir.