Şu ýylyň 5 aýynda 135 müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.
Habarda bellenilişine görä, hasabat döwründe goňşy ýurda syýahat eden türkmen jahankeşdeleriniň sany 136,9 müňe deň bolup, Türkmenistan bu ugurda ýedinji orny eýeläpdir. Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça sanawyň deslapky bäşliginde bolsa Gyrgyzystanyň (1 million 539,5 müň), Gazagystanyň (1 million 246,6 müň), Täjigistanyň (1 million 211 müň), Russiýanyň (465,8 müň) hem-de Owganystanyň (198,9 müň) ady bar. Ýanwar — maý aýlarynda 178,1 müň raýaty Özbegistana syýahat etmek üçin gelen Hytaý bolsa sanawda altynjy orny Hytaý eýeläpdir.
Ýeri gelende bellesek, şu 5 aýynda Özbegistan 5 million 351,8 müň daşary ýurtly syýahatçymy kabul edipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27.3 göterim köpdür.