Turkmenportal logo
15.06.26
88778877
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF tarapyndan çagalaryň ömrüniň ilkinji alty aýynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilmegini üpjün etmekde eneleri goldamaga gönükdirilen milli kampaniýa badalga berildi.

ÝUNISEF-iň metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, kampaniýa awgust aýyna çenli dowam eder. Ol ene süýdi bilen iýmitlendirmek barada ygtybarly maglumatlara elýeterliligi giňeltmäge, eneler üçin maslahat beriş goldawyny ösdürmäge, maşgalalary we ýerli jemgyýetleri bu işe çekmäge, şeýle hem ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldaýan syýasaty we zähmet şertlerini ilerletmäge gönükdirilendir.

Kampaniýanyň hyzmatdaşlarynyň hatarynda ilkinji saglygy goraýyş edaralary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, sosial ulgamlardaky jemgyýetçilik pikiriniň liderleri, hususy pudagyň iş berijileri we ösüş boýunça hyzmatdaşlar bar.

Köp görkezijiler boýunça geçirilen soňky Klaster barlagynyň (MICS) netijelerine görä, ýurt ene süýdi bilen irki iýmitlendirmegiň derejesi boýunça ýokary görkezijilere eýe boldy. Şeýle-de bolsa, soňky maglumatlar diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi ilkinji alty aýyň dowamynda dowam etdirmekde käbir kynçylyklaryň bardygyny görkezýär. Çaganyň ömrüniň ilkinji alty aýynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilmegi onuň sagdyn ösmegi we kämilleşmegi üçin zerur bolan ähli ýokumly maddalar bilen üpjün edýär.

«Ene süýdi çaga üçin iň kämil iýmit, saglygyň we ene mähiriniň çeşmesidir. Ene süýdi doly bahaly iýmitlenmegi üpjün edýär, immuniteti berkidýär, sagdyn ösüşe we kämilleşmäge ýardam berýär, şeýle hem köp sanly kesellerden goraýar. Ene süýdi bilen iýmitlendirmek diňe bir çagalara däl, eýsem enelere we maşgalalara-da peýda getirýär» — diýip, Gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa öz ýüzlenmesinde belledi.

Kampaniýanyň maglumat materiallary eýýäm sosial ulgamlarda we milli telewideniýede ýaýradylyp başlandy. Ilkinji netijeler tomaşaçylaryň işjeň gatnaşýandygyny görkezýär: kampaniýanyň wideorolikleri 15 müňden gowrak gezek görüldi, esasy maglumatlar bolsa internet giňişliginde işjeň ýaýradylýar.

«Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak umumy jogapkärçilikdir» — diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna belledi. — «Eneler diňe saglygy goraýyş işgärleriniň däl-de, eýsem atalaryň, ene-atalaryň, ýerli jemgyýetleriň we iş berijileriň goldawyna hem mätäçdirler. Öýde, saglygy goraýyş edaralarynda we iş ýerlerinde ene süýdi bilen iýmitlendirmek üçin amatly şertleri döretmek arkaly, has köp zenanyň bu amaly dowam etdirmegine we has köp çaganyň durmuşyna iň sagdyn başlangyç almagyna ýardam edip bileris».