Turkmenportal logo
Düýn 22:52
47274727
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýanwar – maý aýlarynda aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige 116 adam kabul edildi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýer B.Mämmedow gözegçilik edýän ugurlarynda şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara ders, internet bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 871 medal gazandylar. Halkara olimpiadalar, ylmy-amaly maslahatlar geçirildi. Çagalaryň tomusky dynç alşy bilen bagly işler guramaçylykly alnyp baryldy. Şeýle hem türgenler halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri görkezip 301 medal gazandylar.

Hasabat döwründe aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige 116 adam kabul edildi. Doktorlyk hem-de kandidatlyk dissertasiýalarynyň jemi 31-si goraldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.