Turkmenportal logo
Düýn 20:00
30853085
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen döwlet uniwersitetinde ekologiýa meselelerine bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirilýär

Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy hem-de umumy mejlisi geçirildi. Bu barada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi saýtynda habar berildi.

Halkara ylmy-amaly maslahatyna daşary ýurtlaryň 25-sinden, ýagny Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň, Daniýanyň, Yrak Respublikasynyň, Hindistanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Belarus Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Ukrainanyň, Gruziýanyň 60 sany ýokary okuw mekdeplerinden we ylmy-barlag edaralaryndan jemi 130 wekil, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden we ylmy-barlag edaralaryndan 217 sany wekil gatnaşýar.

Maslahata jemi 26 döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag edaralarynyň 86-syndan jemi professor-mugallymlaryň, alymlaryň, hünärmenleriň, aspirantlaryň, doktorantlaryň 347-si gatnaşýar.

5-nji iýunda maslahatyň işi «Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde häzirki zaman bilimiň we ylmyň gazanan üstünlikleriniň orny», «Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň we suw baýlyklaryny goramagyň häzirki zaman meseleleri», «Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň innowasion usullary» hem-de «Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň häzirki zaman usullary we amaly ähmiýeti» atly bölümçelerde alnyp barlar.