Turkmenportal logo
Düýn 08:47
55935593
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Turkmen Textile Expo 2026 özüniň ilkinji myhmanlaryny garşy alýar

Halkara «Turkmen Textile Expo 2026» sergi-ýarmarkasy ilkinji myhmanlaryny kabul edip başlady — diýip, Turkmenportal neşiriniň habarçysy habar berýär.

Sergi şu ýyl 4–6-njy iýun aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilýär.

Sagat 10:00-da serginiň resmi açylyş dabarasy boldy. Onuň yzysüre gatnaşyjylar sergi diwarlyklary bilen tanşyp başladylar.

Birinji günüň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistandan, Fransiýadan, Marokkodan, Omandan, Özbegistandan we Russiýadan gelen dizaýnerleriň gatnaşmagynda halkara moda görkezilişi geçiriler. Gatnaşyjylaryň arasynda «Fashion Channel» kompaniýasynyň eýesi Marsio Nosera hem-de «Vivienne Westwood» kompaniýasynyň baş direktory Karlo Damario bar.

5-nji iýunda, anna güni, ikinji halkara moda görkezilişi geçiriler. Şeýle hem durnukly pagta önümçiligi we dokma önümleriniň sertifikatlaşdyrylmagy meselelerine bagyşlanan tematiki maslahatlar guralar. Hususan-da, Better Cotton we Fairtrade standartlary, üpjünçilik zynjyrlaryna bildirilýän talaplar, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sertifikatlaşdyryşa taýýarlyk görmek boýunça tejribeleri barada çykyşlara garaşylýar.

6-njy iýunda, şenbe güni, jemleýji okuw maslahatlary geçiriler. Mundan başga-da, daşary ýurtly sergä gatnaşyjylar üçin Aşgabatdaky öňdebaryjy dokma kärhanalaryna baryp görmek mümkinçiligini öz içine alýan ýörite göçme maksatnama guralar.