Turkmenportal logo
Düýn 12:03
1009910099
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Asly Aşgabatdan bolan Witaliý Kafanow SSKA klubynyň tälimçiler düzümine goşuldy

Derwezeçiler boýunça tälimçi, Aşgabatda doglan hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki derwezeçisi Witaliý Kafanow Moskwanyň SSKA futbol klubynyň tälimçiler düzümine goşuldy. Bu barada toparyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça müdiri Kirill Breýdo RIA Nowosti agentligine habar berdi.

Duşenbe güni «SSKA» 39 ýaşly Dmitriý Igdisamowyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini mälim etdiler. Onuň bilen iki ýyllyk şertnama baglaşyldy we şertnamany ýene iki ýyl uzaltmak mümkinçiligi göz öňünde tutuldy. Igdisamow ozal Fabio Çelestini wezipesinden aýrylandan soň, wagtlaýyn baş tälimçi hökmünde işläpdi.

Breýdonyň sözlerine görä, tälimçiler düzüminde Dmitriý Kramarenko we Igor Aksýonow öz işlerini dowam etdirerler. Şeýle hem tälimçiler düzümine fiziki taýýarlyk boýunça tälimçi Petru Lezăresku, ýaşlar toparynda Igdisamowyň kömekçisi bolan Denis Korostiçenko, Roman Adamow, ozal Wladimir Fedotowyň ştabynda işlän Myrat Iskakow hem-de Witaliý Kafanow goşuldy.

Kafanow häzirki wagtda Russiýanyň milli ýygyndysynda derwezeçiler boýunça tälimçi bolup işleýär. Ol 2019–2025-nji ýyllar aralygynda «Rostow» toparynda Waleriý Karpiniň tälimçiler ştabynyň agzasy bolupdy.

Mundan öň hünärmen Smolenskiniň «Kristall» we Kazanyň «Rubin» toparlarynda işledi. «Rubin» bilen bilelikde ol iki gezek Russiýanyň çempiony boldy. Şeýle hem Gazagystanyň milli ýygyndysynda tälimçilik etdi.

Kafanow futbolçy hökmünde Aşgabadyň «Kolhozçy» toparynda köp ýyllaryň dowamynda çykyş edipdi. Mundan başga-da, ol Saratowyň «Sokol», Swerdlowskiniň «Uralmaş» we Gazagystanyň «Kaýrat» toparlarynda çykyş edipdi. Ol dürli ýyllarda hem Gazagystanyň, hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň düzüminde oýnady.