Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçi-ilçisi Aleksandr Wasilýew soňky jaň dabarasy mynasybetli geçirilen çärede Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebine howa şertlerine çydamly 20 sany guş öýjagazyny gowşurdy. Bu taslamanyň awtory 7-nji synp okuwçysy Öwezmyrat Sapargeldiýew boldy. Bu barada Russiýanyň diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Okuwçynyň başlangyjy BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we howa hereketleri üçin howa bilimi» («Howa gutujygy») atly sebit maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirildi. Maksatnama Russiýa Federasiýasynyň goldawy bilen amala aşyrylýar.
Öwezmyrat şäher şertlerinde serçeleriň sanynyň azalýandygyny synlap, ýokary temperatura şertlerine laýyk getirilen we guşlaryň howpsuz höwürtgelemegine mümkinçilik döredýän guş öýjagazynyň gurluşyny taýýarlady.

Çärede Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkiniň gutlag sözi hem okaldy. Onda Russiýa Federasiýasynyň ekologiki bilim, howa gün tertibi we durnukly ösüş ugurlaryndaky geljegi uly başlangyçlary goldamagyny dowam etdirýändigi, şeýle hem Türkmenistan we onuň bilim edaralary bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigi nygtalýar.