2026-njy ýylda Balkan welaýaty boýunça agrotehniki talaplar esasynda ekiş geçirilen 2 müň 620 gektar bakja meýdanyndan 52 müň 400 tonna hasyl almak bellenilýär. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Welaýat möçberinde ýylyň dowamynda 2 müň 900 gektar meýdanda ýeralmanyň bol hasylyny ýetişdirip, 40 müň 600 tonna hasyl ýygnamak meýilleşdirilýär. Şonça ekin meýdanyň 1 müň 600 gektaryna ýazlyk ýeralma ekilip, ondan şu möwsümde 22 müň 400 tonna hasyl ýygnalar.
Guramaçylykly ýagdaýda dowam edýän häzirki möwsümleýin işlerde-de «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatorlary, inžener-tehniki işgärleri has-da ýokary işjeňlik görkezýärler.
Sebitiň kärendeçi daýhanlary ýaz möwsüminde jemi 1 müň 100 gektarda ekilen sogandan ýygnaljak hasylyň möçberini 27 müň 500 tonna ýetirerler. Welaýatda kelemdir käşiriň ekişi irki agrotehniki möhletlerde tamamlanyp, şu mahal ideg işleri günsaýyn gyzyşýar.
Geljek hasylyň döwründe 230 gektar meýdandan ýygnaljak azyklyk kelemiň möçberi 5 müň 750 tonna, 470 gektar meýdana ekilen käşirden hem 8 müň 460 tonna hasyl alnar.
Şeýle-de ekerançylar şu ýyl pomidoryň 16 müň 250, hyýaryň 1 müň tonnasyny ýygnap aljakdyklaryna pugta ynanýarlar diýlip habarda bellenilýär.