Turkmenportal logo
Şu gün 12:37
62206220
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda geçirilen halkara foruma 20 ýurduň wekilleri gatnaşdylar

12-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Halkara maslahata dünýäniň 20 döwletinden wekiller gatnaşdy. Hususan-da, ABŞ-dan, Azerbaýjandan, Belgiýadan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystandan, Germaniýadan, Gruziýadan, Gyrgyz Respublikasyndan, Nepal Federatiw Demokratik Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Oman Patyşalygyndan, Özbegistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan, Türkiýeden hem-de Hindistandan, Fransiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Ukraina we Belarus Respublikalaryndan 45 sany wekil gatnaşdy, 42 sany wekil sanly ulgam arkaly maslahata goşuldy.

Şeýle hem, bu maslahata ýurduň 150-den gowrak alymy, bilermeni we professor-mugallymy gatnaşyp, özara tejribe alyşdylar. Dünýäniň ençeme döwletleriniň ylym we diplomatiýa wekillerini bir ýere jemlän bu forum türkmen diplomatiýasynyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary, medeni diplomatiýanyň netijeli ugurlary we halkara hyzmatdaşlygyndaky orny barada pikir alyşmaga giň mümkinçilik döretdi.

Maslahatda sanly ulgam arkaly çykyşlara hem giň orun berildi. Halkara ylmy-amaly maslahatda çykyş eden daşary ýurtly wekiller Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmegiň möhüm guraly bolup durýandygyny aýratyn bellediler. 

Maslahat «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy», «Ykdysady diplomatiýa — durnukly ösüş maksatlary ugrundaky hyzmatdaşlygyň netijeli guraly», «Medeni diplomatiýa: ynsanperwer gatnaşyklaryň milli we umumadamzat ähmiýetli ýörelgeleri», «Halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň dünýä tejribesi: ylym-bilim we okuw-usuly işler» atly bölümçelerde öz işini dowam etdi. Onda edilen çykyşlarda degişli ugurlarda ýurduň hem-de daşary döwletleriň ylym-bilim merkezleriniň wekilleriniň pikir-garaýyşlaryna möhüm orun berildi. 

Halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde talyp ýaşlar üçin ýörite ussatlyk sapaklarynyň guralmagy aýratyn ähmiýete eýe boldy.