Turkmenportal logo
Şu gün 09:27
80318031
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty Ylymlar güni mynasybetli halkara foruma gatnaşmaga çagyrýar

5-nji iýunda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Ylym-bilim XXI asyrda» atly halkara ylmy maslahat geçiriler.

Ylymlar gününe bagyşlanan forum türkmen, rus we iňlis dillerinde onlaýn görnüşde geçiriler — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Maslahata Türkmenistandan we daşary ýurtlardan alymlar, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşmaga çagyrylýar.

Maslahat aşakdaky ugurlar boýunça onlaýn görnüşinde geçiriler:

  1. I bölüm. Taryh, jemgyýetçilik ylymlary we medeni miras.

  2. II bölüm. Ýaş nesle bilim bermegiň döwrebap usullary.

  3. III bölüm. Filologiýanyň häzirki zaman meseleleri.

  4. IV bölüm. Tebigy ylymlar we ekologiýada durnukly ösüş.

  5. V bölüm. Takyk ylymlary we sanly tehnologiýalar.

Forumyň çäklerinde gatnaşyjylaryň arasynda häzirki zaman ylmynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar we bilim ulgamynyň esasy wezipelerine bagyşlanan ylmy çekişmeler hem geçiriler.

Maslahata gatnaşmak isleýänler 20-nji maýa çenli gatnaşyjylar baradaky maglumatlary, çykyşlaryň tezislerini we gysgaça beýanyny guramaçylyk toparyna şu elektron salgy arkaly ibermelidirler: tdmugiylymbolum@gmail.com.

Çäre baradaky giňişleýin maglumat institutyň resmi saýtynda ýerleşdirilendir. Şeýle hem goşmaça maglumatlary şu telefon belgileri arkaly alyp bolýar: +993 (422) 3-45-53; +99365240454.