Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň 7-nji tapgyrynda «Arkadag» kluby paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparyny 7:1 hasabynda ýeňip, yzly-yzyna gazanan ýeňişleriniň sanyny 89-a ýetirdi. Duşuşyk «Aşgabat» stadionynda geçirildi.
Ýeňijileriň düzüminde gollary Meýlis Diniýew (19, 60), Yhlas Toýjanow (23), Mirza Beknazarow (34, 77) hem-de Begenç Akmämmedow (41) geçirdiler. Şeýle-de «Köpetdagyň» futbolçysy Wahit Wahidow 18-nji minutda öz derwezesine awtogol girizdi. Meýdança eýeleriniň ýeke-täk pökgüsini bolsa Mekan Amannyýazow 80-nji minutda geçirdi.
2023-nji ýylda döredilen klub Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygynda milli çempionatyň dowamynda heniz hiç bir garşydaşyndan ýeňilmän gelýär: ilkinji möwsümde 24 ýeňiş, ikinji möwsümde 30 ýeňiş, geçen möwsümde bolsa 28 ýeňiş gazandy. Ýurduň üç gezekki çempiony (2023, 2024, 2025) bolan topar häzirki çempionaty hem yzly-yzyna ýedi ýeňiş bilen başlady.
Bu ýeňşiň klub üçin aýratyn senä gabat gelmegi hem ünsi çekýär. Mundan takyk bir ýyl öň — 2025-nji ýylyň 10-njy maýynda «Arkadag» kluby AFC-niň 2024/25-nji ýyllaryň möwsüminiň Çagyryş ligasynyň Kubogyny gazanyp, öz taryhyndaky ilkinji halkara baýragyna eýe bolupdy. Kambojanyň Pnompen şäherindäki «Morodok Teço» milli stadionynda geçirilen final duşuşygynda türkmen kluby ýerli «Prea Han Riç Swaý Rieng» toparyny goşmaça wagtda 2:1 hasabynda ýeňdi. Ýeňiş pökgüsini 112-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew geçiripdi.